On müňlerçe ýewreýiň Kiýewde faşistler tarapyndan gyrgyna berlenine 69 ýyl doldy.
Ýüzlerçe ukrainaly, şol sanda prezident Wiktor Ýanukowiç, hökümet resmileri, ölenleriň garyndaşlary Babi ýar jarynda dikilen ýadygärlige gül çemenlerini goýdular.
69 ýyl mundan öň, 1941-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan başlanan iki günüň dowamynda bu ýerde 33,700-den gowrak ýewreý gyrgyna berlipdi. Şondan soňky aýlarda bu jar 100 müň çemesi jeset bilen doldurylypdy. Olaryň arasynda ýewreý bolmadyk kiýewliler hem, nemeslere ýesir düşen gyzyl goşun esgerleri hem bardy.