Orsýet Eýrany BMG bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

Orsýet Eýrany BMG-niň ýadro gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin öz ýadro programmasy baradaky soraglara aýdyň jogap bermegi Eýranyň öz bähbidine bolar diýdi.

Çurkin bu meseledäki gapma-garşylyk diňe Tährandyr onuň bilen gepleşik alyp barýan 6 döwletiň arasyndaky konstruktiw dialog arkaly çözülip biler diýdi.