Ukrain sudy prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeltmekçi

Ukrainanyň Konstitusiýa sudy anna güni prezident Wiktor Ýanukowiçe has giň ygtyýarlyklary berýän karary aýan etmekçi.

Ýanukowiçiň ýaranlary 2004-nji ýylyň konstitusiýa reformalarynda ýatyrylan prezident ygtyýarlyklarynyň dikeldilmegini talap edip gelýärler.

Konstitusiýa sudy düýn bu meselede belli bir karara gelendigini we ony Anna güni yglan etjegini aýtdy.