Germaniýada ýaşaýan türkler "nemes dilini hökman öwrenmeli"

Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf Germaniýada ýaşaýan türkleriň nemes dilini hökman öwrenmelidigini aýtdy diýip, Türkiýäniň “Hürriýet” gazeti habar berýär.

Wulfyň bellemeginä görä, häzir Germaniýada 5 milliondan gowrak musulman ýaşaýar we olaryň köpüsi türk asylly.

Germaniýanyň prezidenti öz ýurdunda giň ýaýran migrasiýanyň käbir kynçylyklary döredýändigini hem sözüne goşdy.

Germaniýanyň prezidenti 5 günlik iş sapary bilen Türkiýä bardy.

Wulf Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen gepleşik geçirýär. Ol ýurduň parlamentinde hem çykyş eder.