Yragyň premýeri «Wikileaks» saýtynyň hereketini ýazgarýar

Ýekşenbe güni Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki «Wikileaks» internet saýtynyň bu ýurtdaky eden-etdilikler barada 400 müň töweregi gizlin dokumenti jemgyýetçilige aýan etmegini ýazgaryp çykyş etdi.

Nuri al-Mäliki «Wikileaks» saýtynyň ýaýradan maglumatlarynyň Yrakda täze hökümeti düzmek ugrundaky işleri has-da kynlaşdyrandygyny nygtady.

«Wikileaks» saýtynyň nobatdaky gezek aýan eden bu ýüz müňlerçe sahypalyk maglumatlarynda Yrakdaky tussaglara garşy görlen bikanun çäreler we bu işlere resmi häkimiýetleriň hem-de amerikan harbylarynyň dahyllydyklary barada faktlar getirilýär.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri bu dokumentleriň jemgyýetçilige elýeterli edilmegini ýazgaryp çykyş etdiler hem-de munuň amerikan we yrak harbylarynyň janyny howp astyna salýandygyny öňe sürdüler.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy bolsa, bu gürrüňi edilýän meseleler boýunça Waşingtony ýörite derňew geçirmeklige çagyrdy.