Jorj W. Buş iki ýyla golaý mundan ozal Ak Tamy terk edeli bäri göze görünmän, Tehasdaky mülkünde asuda ýaşaýardy. Ýöne ol ýaňy-ýakyn çapdan çykan «Karar pursatlary» atly kitaby bilen habar serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
Bu 500 sahypalyk kitapda Buşuň prezidentlik eden döwründäki gelnen iň möhum 14 sany karar barada gürrüň edilýär. Şol kararlaryň iň möhümi bolsa Yrakdaky uruş bilen bagly.
Jorj Buş NBC telekanalyna beren interwýusynda her gezek Yrakda köpçülikleýin gyrýan ýaraglaryň tapylmandygy barada pikir edende, özüni diýseň oňaýsyz duýýandygyny aýdýar. Şeýle ýaraglaryň Yrakda bardygynyň çak edilmegi Birleşen Ştatlaryň 2003-nji ýylda Yraga goşun salmagyna iň esasy sebäp bolan zatdy.
NBC telekanaly Buşdan uruş sebäpli ötünç soramagy göz oňünde tutup-tutmaýandygyny soranda, öňki prezident otünç soramakçy däldigini aýtdy. Ol: «Meniň pikirimçe, ötünç soramak şol wagt edilen kararyň ýalňyşdygyny boýun almak bolardy. Ýöne men şol kararyň ýalňyşlyk däldigine häzirem ynanýaryn» diýip, jogap berdi.
Ol bu urşuň netijesinde Yragyň öňki diktatory Saddam Huseýinden tutus dünýäniň dynandygyny we Yragyň 25 million ilatynyň erkinligine ýol açylandygyny gaýtalady.
Mundan daşary, Buş öz çykyşynda terrorçylykda aýyplanýanlary suwa basyp bogmak we suwa gark etmek ýaly gazaply sorag etmek usullarynyň ulanylmagyny-da oňlady. Ol şeýle usullaryň köpsanly terrorçylyk hüjümleriniň oňüni alandygyny aýtdy.
«Men öz toparymdan sorag etmekde ulanylýan usullaryň kanuna gabat gelip-gelmeýändigi barada soradym. Meniň hukuk boýunça toparym “Hawa, olar kanuna laýyk gelýär” diýip, jogap berdi. Menem olara şol usullary ulanmagy tabşyrdym. Men size bir zady aydaýyn: şol usullary ulanmagymyz kop adamlaryň janyny halas etdi» diýip, Buş belledi.
Jorj Buş öz ýazan ýatlamalar kitabynda Eýranyň atom desgalaryna harby hüjüm etmek planyny taýýarlamagy hem Pentagona tabşyrandygyny tassyklaýar.
Käbir bilinmeýän faktlar...
Britaniýanyň «Guardian» gazeti bu gazetiň redaksiýasynda Buşuň ýatlamalarynyň çäp edilmezinden ozalky bir nusgasynyň bardygyny mälim etdi. Gazet şol ýatlamalara salgylanmak bilen, Buşuň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçylarynyň Eýrana hüjüm etmek boýunça gapma-garşylykly pikirde bolandyklaryny, olaryň käbiriniň bu hüjümiň Eýranyň oppozisiyasyna kömek etjekdigini, beýlekileriniň bolsa onuň Eýranda milletçiligiň hasam ösmegine itergi bermeginiň mümkindigini aýdandyklaryny habar berýär.
Şeyle-de ABŞ-nyň öňki prezidenti J.Buş Siriýanyň ýadro desgalaryny bombalamak ýa-da weýran etmek barada Ysraýylyň haýyşy barada gowy pikirlenenden soň, ony ret edendigini aýdýar. Emma mundan köp wagt geçmän, Ysraýylyň özi howa hüjümini amala aşyryp, Siriýanyň şol desgalaryny derbi-dagyn edipdi.
Buş ABŞ-nyň içerki işleri barada-da gürrüň edip, Taze Orleandaky «Katarina» tupany sebäpli sil heläkçiliginiň bolan ýerlerine barman, ol ýerleri diňe uçardan synlamagynyň «uly ýalnyşlyk bolandygyny» aýdýar. Öňki prezident J.Buşuň hut şeýle hereketleri köp adamlaryň Buşy garaýagyz amerikalylar barada alada etmezlikde ýazgarmagyna sebäp bolupdy.
Buş öz kitabynda Amerikanyň ykdysadyýeti barada hem gürrüň edip, özüniň prezidentlik möhletiniň soňky aýlarynda ykdysadyýetdäki pese düşmä doly baha berip bilmändigini boýun aldy. Sebabi, onuň aýtmagyna görä, ol şol döwürdäki global maliýe krizisinden gutulyp boljakdygyna ynansa-da, munuň öňüni almak oňa başartmandyr.
J.Buşuň ýatlamalar kitabyny çapa taýýarlanlar onuň uly möçberde satylmagyna garaşýarlar. Olar edil häzir kitabyň 1.5 million nusgasyny çap etdiler.
Jorj Buş eýýamynda käbir goh-galmagallara sebäp bolan başga-da iki sany tanymal şahsyýetiň, yagny, ABŞ-nyň öňki goranmak ministri Ronald Ramsfeldiň we öňki wise-prezidenti Dik Çeýniniň ýazan kitaplary hem ýakyn wagtlarda okyjylara gowşar.