Karimowdan beýle teklibe garaşylanokdy

Yslam Karimow grazdanlaryň maglumat almaklaryna we ýaýratmaklaryna degişli konstitusion hukuklaryny üpjün etmek üçin «Döwlet organlarynyň işiniň açyklygy» barada ýörite kanunyň kabul edilmegini hem teklip etdi.

Özbek prezidenti Yslam Karimowyň ýurduň Kanun çykaryjy palatasynyň we Ýokary palatasynyň bilelikdäki maslahatynda eden çykyşy ýaly çykyşlara Türkmenistanda organlar uly bir dönüklik derejesindäki hereket hökmünde baha berip-de bilerdiler.

Iň bolmanda, Türkmenistanyň habar serişdeleri bular ýaly çykyş barada, aýratynam, onuň mazmuny barada hiç hili maglumat bermeseler gerek.

Özbek prezidenti öz çykyşynda «demokratik reformalary çuňlaşdyrmagyň we graždan jemgyýetini kemala getirmegiň» konsepsiýasyny yglan etdi. Ol özüniň bu ugurdaky täze teklipleriniň has anyk taraplary barada-da durup geçdi. Onuň bu ideýalary ýaly ideýalar üçin Türkmenistanda adama uzak möhletleýin tussaglyk jezasy hem berlip bilnerdi.

Ynjyk tema

Ozaly bilen, Yslam Karimow tutuş Merkezi Aziýa regionynda, aýratynam, Türkmenistanda uly gadagançylyk girizilen temany gozgady. Ol tema ýurtdaky häkimiýeti başga birine tabşyrmak baradaky tema.

Elbetde, regionyň ýurtlarynyň konstitusiýalarynda häkimiýetiň bir adamdan beýleki bir adama geçmek prosedurasy formal ýagdaýda jikme-jik beýan hem edilen. Emma, muňa garamazdan, bu tema barada açyk gürrüň etmek welin, bu ýurtlarda hiç kime maslahat berilmeýär.

Prezidentleriň ozleri-hä has hem bu temany gozgamagy halamaýarlar. Emma birdenkä Yslam Karimow bu temany gozgap, ýurduň Konstitusiýasyna «häzirki prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmedik halatynda, onuň borçlary we ygtyýarlyklary wagtlaýynça Özbegistan Respublikasynyň Senatynyň başlygyna geçýär we soňky üç aýyň dowamynda-da ‘Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň saýlawlary’ baradaky Kanunyň esasynda saýlawlar geçirilýär» diýen goşmaçany girizmekligi teklip etdi.

Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyň aradan çykmagyndan soň Türkmenistanda häkimiýetiň nähili gapma-garşylykly çäreler arkaly başga birine geçirilendigini göz öňünde tutsaň, onda häkimiýetiň geçiş meselesi baradaky temanyň gozgalmagynyň özüniň türkmen häkimiýetlerinde nähili biynjalyklygy döredip biljekdigini göz getirmek kyn däl bolsa gerek.

Maglumat azatlygy

Özbek prezidenti Yslam Karimowyň öňe süren käbir beýleki tekliplerem Türkmenistanyň ideologik edaralarynda asla höwes bilen garşy alynjak zatlardan däl. Mysal üçin, prezident Karimow ýurtdaky informasiýa syýasaty barada öz garaýşyny şeýle beýan etdi: «Informasiýa pudagynda graždanlaryň maglumat almak, maglumatlary hem-de öz ideýalaryny ýaýratmak ýaly erkinliklerini öz içine alýan azatlyklary we hukuklary üpjün etmek - Özbegistanda demokratik jemgyýeti gurmaklygyň esasy fundamentidir».

Şu mesele bilen baglanyşykly Yslam Karimow grazdanlaryň maglumat almaklaryna we ýaýratmaklaryna degişli konstitusion hukuklaryny üpjün etmek üçin «Döwlet organlarynyň işiniň açyklygy» barada ýörite kanunyň kabul edilmegini hem teklip etdi.

Elbetde, käbir tankytçylar özbek prezidentiniň bu liberal tekliplerinde özboluşly bir gizlin matlaplaryň bardygyny öňe sürýärler. Käbir synçylaryň pikirine görä, şuňa ýakyn liberal wadalary regionyň beýleki ýurtlarynyň häkimiýetleri, şol sanda, Türkmenistanyň häkimiýetleri hem ulanyp gelýärler.

Adatça, bu wadalar häkimiýetleriň öz halky bilen dialoga girmek niýetini aňlatmaýar-da, eýsem olaryň öz häkimiýetlerini halkara jemgyýetçiligine akja jüýje edip görkezmek niýetini aňladýar. Emma bu pragmatik oýunlara garamazdan, liberal wadalar bilen çykyş etmekde bu regionda henize çenli hiç kim edil özbek prezidentiniň derejesinde şeýle radikal çagyryşlar bilen çykyş etmäge het edip bilmändi.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.