Täjigistanda wagtlaýyn Wahş derýasy bentlendi

Düýn Täjigistanda Sangtudin GES-niň ikinjisiniň dowam edýän gurluşygy bilen bagly wagtlaýyn Wahş derýasy bentlendi.

Şol dabara ýurduň prezidenti Emomoli Rahmon, şeýle-de Eýranyň energiýa ministri Majit Namju gatnaşdy.

Tähran maliýe ýetmezçiligi sebäpli köp wagtlap doňdurylan bu proýektiň esasy sponsorlarynyň biridir.

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda gurluşygy başlanan bu gidro elektrik stansiýa Täjigistanyň goňşy Özbegistan bilen gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirdi.

Daşkent suw ýetmezçiliginden howatyr edýär.