ÝHHG-niň baş sekretary Gazagystana gowy baha berdi

ÝHHG-niň başlygy hökmünde Gazagystan bu wezipäniň hötdesinden netijeli gelmegi başardy diýip, bu guramanyň baş sekretary Mark Perrin de Brişambo 1-2-nji dekabrda Astanada geçmeli ÝHHG-niň sammitiniň öň ýany aýtdy.

Emma adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň wekilleri öz ýurdunda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak boýunça gazak ýolbaşçylarynyň edýän tagallalarynyň ýeterlik däldigini nygtaýarlar.