“Haýsy penje bulaşdyrdy zülpüňiz?”

Çeh edebiýatynyň görnükli wekili Antonin Sowa 1864-1928-nji ýyllar aralgynda ýaşap geçen şahyr.

Antonin Sowa

Ol bagyma girende,
gözellik eýýäm solupdy.
Tokaý gutaran ýerinde
irkilipdi keýpsiz gün.

Soradym: «Ne beýle giç?
Şöhleler ýitirdi güýç,
Hol ýokarda jaň doňdy sessiz,
ganatlaram galganok.

Meň sonarly meýdanym
doldy gamgyn şireden.
Kölege örtdi suwy,
bar zat döndi boş oýna .

Men ugraýan uzak ýola,
nätanyş bir ada tarap.
Ýel galgadýar baýdagymy,
ýelkenleri çişirip.

Ir bahar garaşdym size...
Mawy öwuşgin suw ýüzüne çaýyldy.
Men zor bilen ýaýy çekdim,
çenäp siziň sesiňize.

Nirdediňiz perişdäm?
Nireleň şemaly ýelpedi sizi?
Kimiň ýazy bilen ýaşadyňyz siz?
Haýsy penje bulaşdyrdy zülpüňiz?

Neneňsi gijeler eşdildi
size açyk penjirelerden?
Ümsümlikden gussa batyp,
kalbym size garaşdy.

Ýapyp geçmişiň gapysyn,
gaçyp gitsem şat bordum.
Ýöne meň bagyma indi
neçün gelýäň solmaga?

Bize indi güneş çogun görme ýok,
gabyr deý garalyp dur daglar.
Sonarly meýdanam ýürege düşdi,
Ülkämizem aýdymlaryn unutdy.

Güýzüň sesin ýaňlandyryp,
Täk özüm bu ýerden gidesim gelýär,
Indi göwnüm täze kenar isleýär.
Ah, haýsy penje bulaşdyrdy zülpüňiz?

Çeh edebiýatynyň görnükli wekili Antonin Sowa 1864-1928-nji ýyllar aralgynda ýaşap geçen şahyr.

Goşgyny terjime eden: Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.