Wise-premýerleriň sany 11-e ýetirildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, 10-njy ýanwar.

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde 2010-njy ýylyň jemlerine garaldy, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça täze ýylda amala aşyrmaly wezipeler kesgitlenildi.
Orazmyrat Gurbannazarow
Mejlisiň başynda Berdimuhamedow ýurduň Oba hojalyk ministri Orazmyrat Gurbannazarowy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi we öňki eýelän wezipesinden boşatdy. Täze bellenen wise-premýer Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamuhammet Muhammedowyň gözegçilik eden ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýagny söwda we dokma toplumlarynyň meseleleri bilen meşgullanar.

Wise-premýer H.Muhammedowyň gözegçiliginden söwda we dokma toplumlaryny aýyrmagynyň sebäbini Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk düzümleriniň, desgalarynyň sanynyň yzygiderli artýandygy bilen düşündirip, ol desgalara aýratyn gözegçiligiň zerurlygyny öňe sürdi.

Şol sebäpden H.Muhammedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň iş dolandyryjysy wezipelerinde galdyryldy we ol Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň düzümine goşulýan täze gurlan binalary we desgalary dolandyrmak boýunça iş alyp barar.

Kanunçylyga garaldy

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda prezident Berdimuhamedow birnäçe ýolbaşçylary wezipä belledi we wezipelerinden boşatdy. Wezipeden boşadylanlaryň aglaba bölegi etrap häkimleriniň orunbasarlary boldy.

Prezident Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna hususylaşdyrmak, biržalaryň dürli görnüşlerini döretmek hakyndaky, gymmatly kagyzlar hakyndaky kanunlary kabul etmegiň wagtynyň gelip ýetendigini, şeýle kanunlaryň bolmazlygynyň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine ýaramaz täsir edýändigini aýdyp, ýakyn wagtda Mejlisiň deputatlary bilen aýratyn duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Berdimuhamedow gurluşyk pudagynda durup geçip, şu ýylyň dowamynda ýurtda bahasy takmynan 7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan köp sanly dürli desgalaryň ulanylmaga beriljekdigini habar berdi. Şeýle uly möçberdäki düýpli maýa goýumynyň özleşdirilişi Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek hasaplanylýar.

Kompýuterden başy çykmaýanlar wezipeden gider

Kompýuter okuwlaryny tamamlan ýolbaşçylar ýörite synaglardan geçiriler we olara sertifikatlar berler.
Ýakyn wagtda Türkmenistan döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen hökümet elektron ulgamyny döredip, bu ulgama doly geçmegi göz öňünde tutýar. Şunuň netijesinde ýurduň hökümet agzalarynyň kompýuter programmalaryny oňat bilmekleriniň wajyplygyny Berdimuhamedow öňe sürdi we wise-premýer Mezilowa ýolbaşçylara tölegli esasda kompýuter sowadyny bermek üçin okuw otaglaryny döretmäge we okuwlary guramaga ygtyýar berdi.

Kompýuter okuwlaryny tamamlan ýolbaşçylar ýörite synaglardan geçiriler we olara sertifikatlar berler. Synagdan geçip bilmedik ýolbaşçy bolsa hökmany suratda eýeleýän wezipesinden boşadylar.

Mejlisde Berdimuhamedow ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny artdyrmak üçin degerli işleriň alnyp barylmalydygyny aýdyp, wise-premýerler Saparlyýewe we Japarowa ýurduň orta mekdepleriniň birinji klasynda okaýan okuwçylarynyň ählisine okuw kitaplary bilen bir hatarda şahsy kompýuterleri mugt bermek meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.