“Prezident obasy” - Babarap

Oguzhanyň hem-de onuň alty sany ogullarynyň heýkelleri Babarabyň myhmanlaryny garşylaýar.

Obanyň başlanýan ýerinde, gara ýoluň ugrunda ekilen arçalar hem bag ekmek çärelerinde ekilýän adaty arçalardan tapawutlanýar.

Derwezeden gaýra tarapa adaty türkmen obalaryna mahsus bolmadyk ýokary hilli Babarap köçesi başlanýar.

Täze binalaryň ilkinjisi - derwezeden geçip, oba giren ýeriňdäki Babarap oba geňeşliginiň dolandyryş edarasynyň täze binasy.

Medeniýet öýünde foto we saz studiýalary hem-de giň tans otagy ýerleşdirilipdir.

Täze açylan saglyk merkezi bir smenada 30 sany näsagy kabul etmäge niýetlenen.

Iki gatdan ybarat Söwda merkeziniň täze binasy bu kiçi oba üçin uly ýaly bolup görünýär.

Obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň köçä tarap bakyp duran taraplary abatlanypdyr

Babarap köçesinde obadaky ýeke-täk swetofor hem goýlupdyr.