Orsýetiň prezidenti rim papasy bilen duşuşýar

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Italiýa saparynyň gidişinde ençeme şertnamalara gol çekildi.

Şolaryň arasynda Italiýanyň nebit-gaz korporasiýasy ENI-niň Liwiýada nebit çykarmak proýektindäki paýynyň ýarsyny “Gazpromyň” 178 million dollara satyn almagy baradaky şertnama-da bar.

Italiýadan Orsýetiň üsti bilen howa arkaly Owganystana ýarag, harby tehnika we harby gullukçylary daşamak barada-da ylalaşyga gol goýuldy.

Şu gün Medwedew Watikanda rim papasy Benedikt XVI bilen duşuşýar.