Ýemeniň paýtagtyndaky protestler dowam edýär

Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh özüniň diňe saýlawlarda ýeňilen halatynda häkimiýetden gitjekdigini aýtdy.

"Häkimiýete gelmäge ymtylýanlar, geliň, muny siwilizlenen görnüşde, ýagny parlament ýa-da prezidentlik saýlawlarynda ses berişligiň üsti bilen amala aşyryň” diýip, Ali Abdullah Saleh garşydaşlaryna ýüzlendi.

Saleh ýurda 1978-nji ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.

Duşenbe güni ýene-de müňlerçe adam Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip, paýtagtyň Sana uniwersitetiniň töwereginde ýygnandylar.

Aden şäherinde ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy ot açmagy netijesinde bir protestçi ölüp, başga-da 4-si ýaralandy.

17-nji fewraldan bäri Ýemendäki halk gozgalaňlarynda 12 adam öldi.