Türkmenistan Hytaýdan medeni çäreleri geçirmegi öwrenýär

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, şu günler wekilçilikli türkmen delegasiýasy Hytaý Halk Respublikasynda.

Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesi boýunça ýokary halkara derejesinde medeni-köpçülik çärelerini gurnamagyň tejribesini öwrenmek üçin delegasiýa dostlukly ýurda gelipdir.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen delegasiýasynyň agzalary medeni ugurdan hyzmatdaşlyk, medeni-köpçülik işlerini we uly dabaralary geçirmegiň tejribeleri boýunça ençeme duşuşyklar we gepleşikler geçiripdir.