ABŞ-da gomoseksul nikany gadagan etmek Konstitusiýa ters

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-da gomoseksual nikany gadagan edýän federal kanunyň Konstitutsiýa garşy gelýändigine ynanýar.

Amerikan hökümeti şol kanuny mundan beýläk sudda goramaz. Bu barasynda çarşenbe güni ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň wekili habar berdi.

ABŞ-da bir jynsdan bolan iki adamyň nikasyny kanunlaşdyrmak meselesi köpden bäri maslahat edilýär. Şonuň bilen bagly birnäçe sud prosessi-de dowam edýär.

Şol prosesslerde häzirki amerikan administrasiýasy erkek bilen aýalyň nikasyny kesgitleýän kanuny gorap gelýärdi.

Barak Obamanyň bu karary öz jynsdaşy bilen gatnaşyk edýänlerde gyzgyn goldaw tapdy.