Medwedew ABŞ-nyň goranmak ministri bilen duşuşdy

Orsýetiň prezidentiniň Moskwanyň etegindäki rezidensiýasynda Dmitriý Medwedew bilen ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýtsiň duşuşygy boldy.

Ondan öň Geýts Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow bilen duşuşdy. Gepleşiklerden soň ol ýakyn günlerde halkara güýçleriň Liwiýa urýan zarbalarynyň azaljakdygyny aýtdy.

Ondan hem başga Geýts Liwiýa lideri Muammar Kaddafiniň urulýan zarbalaryň netijesinde parahat ilatyň ölümi barada aýdýanlaryny “ýalan” diýip atlandyrdy.

Anatoliý Serdýukow ok atyşygy bes edip, Liwiýa bilen syýasy gepleşiklere başlamaga çagyrdy.