Tokioda arassa suwda radiasiýanyň derejesi ýokarlandy

Tokioda arassa suwdaky radioaktiw ýoduň derejesi adam saglygy üçin howpsuz mukdardan iki esse artdypdyr. Bu barada çarşenbe güni Ýaponiýanyň resmileri duýdurdylar.

Şeýle-de ýer yranmasynda zeper ýeten “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasyndaky reaktolaryň üstünde gara tüssäniň peýda bolmagy howatyrlanmalary has-da artdyrdy.

Mundan başga-da atom stansiýasynyň töweregindäki azyk harytlarynda, suwda we süýt önümlerinde radiasiýanyň derejesiniň ýokarlanandygy habar berilýär.

Ýapon hökümetiniň Baş sekretary Yukio Edanonyň aýtmagyna görä, zaýalanan azygyň satylmagynyň öňüni almak boýunça çäreler başlanypdyr.