Eýran Demirgazyk Koreýadan tehnologiýa almadym diýýär

Şu gün Eýranyň hökümeti Demirgazyk Koreýadan bikanun ýollar bilen ballistik raketalaryň enjamlaryny satyn alandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Bu barada eden çykyşynda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast Eýranyň özünde raketa önümçiligi üçin zerur bolan tehnologiýanyň ýeterlikdigini we munuň üçin daşary ýurtlardan tehnologiýa satyn almaga zerurlygyň ýokdugyny aýtdy.

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatçylary Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatlarynda Demirgazyk Koreýa garşy girizilen resmi gadagançylyklara garamazdan, Eýranyň bu ýurtdan raketa tehnologiýasyny satyn alandygyny görkezýän alamatlaryň bardygyny öňe sürüpdiler.