Owgan prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Şenbe güni Türkmenistana resmi sapara baran owgan prezidenti Hamid Karzaý prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyklary, şol sanda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, elektroenergiýa, transport we medeni-gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz proýektiniň gurluşygy bilen bagly meseleler hem bu duşuşykda aýratyn üns merkezinde boldy.

Bu duşuşygyň yzy bilen birnäçe özara ylalyşyklara gol çekişlik dabarasy hem boldy.