Gazak gyzyny zorlan etniki kürte 20 ýyl iş kesildi

Gazagystanda etniki gazak gyzyny zorlamakda we ony öldürmekde günäli tapylan etniki kürt 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, şeýle-de onuň emlägi döwletiň haýryna geçirildi.

Besagaş obasynyň ýaşaýjysy 22 ýaşly Ahmed Kakhaoglynyň sud diňlenişigi Almatyda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.

17 ýaşly Žanaiým Sydykowanyň jesedi 25-nji fewralda Besagaş obasynyň golaýynda tapylypdy.

Gazagystanda, esasanam ýurduň günorta sebitlerinde, 8,000 töweregi etniki kürt ýaşaýar. Olar 1930-njy we 1944-nji ýyllarda Staliniň görkezmesi esasynda zor bilen Kawkaz regionlaryndan göçürilip getirilipdi.