Türkmen dzýudoçylary iki bürünç medal aldylar

Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde “Olimpiýa başlangyçlary – Ýeňşiň kubogy” atly dzýudo boýunça geçirilen XV halkara ýaryşynda türkmen sportsmenleri iki bürünç medaly almagy başardylar.

Medallaryň eýeleri 66 kilograma çenli agramda bäsleşen Tejen Tejenow, şeýle-de 60 kilograma çenli dzýudoçylaryň arasynda öz güýjüni synan Ahmet Babanyýazowdyr.

Bu ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan, şol sanda Fransiýadan, Germaniýadan, Angliýadan 1,000 töweregi sportsmen geldi diýlip, habar berilýär.