Eýran baýlaşdyrylan uran önümçiligini artdyrmakçy

Eýran baýlaşdyrylan uranyň önümçiligini üç esse artdyrjakdygyny aýdýar. Bu barada ýurduň ýadro edarasynyň başlygy Fereýdun Abbasi Dawani aýtdy.

Onuň bellemegine görä, baýlaşdyrylan uranyň önümçiliginiň 20%-i Tähranyň günorta-günbataryndaky “Fordo” desgasynda öndüriler.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýranyň bu planyny “prowokasiýa” diýip atlandyrdy.

2009-ny ýylda Eýran “Fordo” desgasyny gurjakdygyny yglan edenden soň, BMG Tährana garşy sanksiýalary girizipdi.

Halkara jemgyýetçiligi Eýranyň ýadro ýaragyny döretmeginden howatyrlanýar.