Ýemende yslamçylar Houta hüjüm etdiler diýilýär

Ýemende yslamçy söweşijiler garaşylmadyk ýagdaýda ýurduň günortasyndaky Houta şäherine hüjüm edipdirler. Bu barada ýurduň howpsuzlyk resmileri habar berýärler.

Resmileriň aýtmagyna görä, söweşijileriň arasynda “Al-Kaýda” toparynyň wekilleriniň bar bolmagy hem mümkin.

Port şäheri Adende hem söweşijileriň hökümet güýçlerine garşy ot açandyklary habar berilýär.