Orsýetli meşhur adam hukuklaryny goraýjy, merhum akademik Andreý Saharowyň aýaly Ýelena Bonner 18-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Boston şäherinde 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Ýelena Bonner 1923-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mary şäherinde partiýa işgäriniň maşgalasynda dünýä inýär. 1937-nji ýylda hossarlary repressiýa sezewar edilýär. 18 ýaşynda urşa gidýär. Harby-sanitar otluda şepagat uýasy bolup gulluk edýär. Uruşda agyr ýaralanýar.
Ýelena Bonner uruşdan soň Leningradyň medisina institutyny tamamlaýar. “Wraçlaryň işi” diýilýän barada öz pikirini aýdany üçin institutdan çykarylyp, Stalin ölenden soň, täzeden okuwa alynýar. Ol 1965-nji ýylda Kompartiýa girýär, bu hereketini soň “durmuşda goýberen iň uly ýalňyşlygy” diýip atlandyrýar.
Bonner 1972-nji ýylda SSKP-den çykyp, adam hukuklaryny goramak boýunça aktiw iş alyp barýar. Şol ýyl akademik Andreý Saharowa durmuşa çykýar. A.Saharowa 1976-njy ýylda Osloda Nobel baýragy gowşurylanda, dabara gatnaşýar. Moskwada adam hukuklaryny goraýan Helsinki toparyny döretmek baradaky dokumentiň aşagyna gol çekýär. “Memorial” merkezini döretmäge gatnaşýar. 1980-nji ýylda Adreý Saharow Gorkiý şäherine sürgün edilende, onuň bilen gidýär. Alty ýyldan soň adamysy bilen Moskwa dolanýar.
1994-nji ýylyň 28-nji dekabryna çenli Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça komissiýada bolup, syýasy režim bilen işleşmek mümkin däl diýen netijä gelýär. Ol şonda şeýle diýipdi: “Orsýet yzygiderli nadan hereketler edýär. Ol meni geň galdyrmady. Meniň lapymy keç eden Hytaý. Oňa ösýän ýurt diýýärler, ýöne syýasy özgeriş bolmazdan, ykdysady ösüş bolmaz. Şol ikisiniň darkaşyndan köne syýasat utýar. Men şondan gorkýaryn”.
Ýelena Bonner A.Saharow Fonduna hem ýolbaşçylyk edipdi.
Dogduk mekanynda tanalýarmy?
Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, Ýelena Bonner hakynda türkmenistanlylaryň bilýän zady juda çäkli. Ol munuň sebäbini diktaturanyň gabawynda ýaşamakda görýär.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň birinji ýarymynda Moskwada türkmen oppozisiýasy yzarlamalara, tussaglyga sezewar edilipdi. Olaryň azatlyga çykmagynda Ýelena Bonneriň eden hyzmaty barada häzir Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow şeýle gürrüň berýär: “Nyýazowyň haýyşy boýunça Orsýetiň ýörite gulluklary bizi türmä gabapdy. Türmeden soňam ýene yzarlamalar... Şu meselelerde, meniň bilýän zadym, Ýelena Bonner, “Memorial” guramasy – şolaryň üsti bilen türkmen oppozisiýasyna ýardam, goldaw beripdi”.
Uruş ýyllary akademik Saharow Aşgabatda ýaşapdyr we işläpdir diýen maglumatlar bar. Bu barada ýazyjy Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Akademik Saharowyň uruş ýyllary Aşgabatda bolandygyny bilýän adamyň sany juda az. O gürrüňlerem geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda, haçanda akademik Saharowyň şahsyýeti hakynda ile ýeterlikli aýan gürrüň edilip ugralanda, il içinde alymlaryň dilinden şeýleräk gürrüň ýaýrapdy”.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Moskwada ilkinji oppozision “Daýanç” žurnaly çap edildi. Bu işi gurnaýjylaryň biri, soňy bilen adam hukuklaryny goraýjy Jumamyrat Kyýasowdy. Žurnalyň çykmagyna, Türkmenistanda adam hukuklaryna Ýelena Bonner täsir ýetiripdi.
“Jumamyrat aganyň öz aýdan zady bar: Moskwadaky “Memorialdakylaryň” uly kömegi, goldawy bolupdy diýen sözi bar. Jumamyrat aga-da Ýelena Bonnerden goldaw alansoň, ynsan hukuklaryny goramak bilen meşgullanyp başlady” diýip, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Söýünow ýatlaýar.
SSSR-iň ilkinji we iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýowyň telegrammasynda şeýle sözler bar: “Ýelena Bonner sahawatly adamdy. Ol Orsýetde we bütin dünýäde adamlaryň ýadynda çuňnur yz galdyrdy. Ol ömrüniň ahyryna çenli adam hukuklary ugrunda gaýduwsyz göreşdi”.
Aşgabatdan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow Ýelena Bonneri şeýle ýatlaýar: “2000-nji ýylda türkmen türmesinde otyrkam, menem Ýelena Bonneriň goldawyna mynasyp bolupdym. Şol goldaw başgalaryňky bilen birlikde meniň bäş ýyla derek bir ýyl oturyp, türmeden çykmagyma hemaýat edipdi. Şeýle ýagşylyk ýatdan çykarylmaýar. Seniň ýagşylyklaryňa mynasyp bolanlar müňlerçedir, Ýelena Georgiýewna! Taňryýalkasyn. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, jaýyň jennetden bolsun, Ýelena enemiz!”.
Ýelena Bonner uruşdan soň Leningradyň medisina institutyny tamamlaýar. “Wraçlaryň işi” diýilýän barada öz pikirini aýdany üçin institutdan çykarylyp, Stalin ölenden soň, täzeden okuwa alynýar. Ol 1965-nji ýylda Kompartiýa girýär, bu hereketini soň “durmuşda goýberen iň uly ýalňyşlygy” diýip atlandyrýar.
Bonner 1972-nji ýylda SSKP-den çykyp, adam hukuklaryny goramak boýunça aktiw iş alyp barýar. Şol ýyl akademik Andreý Saharowa durmuşa çykýar. A.Saharowa 1976-njy ýylda Osloda Nobel baýragy gowşurylanda, dabara gatnaşýar. Moskwada adam hukuklaryny goraýan Helsinki toparyny döretmek baradaky dokumentiň aşagyna gol çekýär. “Memorial” merkezini döretmäge gatnaşýar. 1980-nji ýylda Adreý Saharow Gorkiý şäherine sürgün edilende, onuň bilen gidýär. Alty ýyldan soň adamysy bilen Moskwa dolanýar.
1994-nji ýylyň 28-nji dekabryna çenli Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça komissiýada bolup, syýasy režim bilen işleşmek mümkin däl diýen netijä gelýär. Ol şonda şeýle diýipdi: “Orsýet yzygiderli nadan hereketler edýär. Ol meni geň galdyrmady. Meniň lapymy keç eden Hytaý. Oňa ösýän ýurt diýýärler, ýöne syýasy özgeriş bolmazdan, ykdysady ösüş bolmaz. Şol ikisiniň darkaşyndan köne syýasat utýar. Men şondan gorkýaryn”.
Ýelena Bonner A.Saharow Fonduna hem ýolbaşçylyk edipdi.
Dogduk mekanynda tanalýarmy?
Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, Ýelena Bonner hakynda türkmenistanlylaryň bilýän zady juda çäkli. Ol munuň sebäbini diktaturanyň gabawynda ýaşamakda görýär.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň birinji ýarymynda Moskwada türkmen oppozisiýasy yzarlamalara, tussaglyga sezewar edilipdi. Olaryň azatlyga çykmagynda Ýelena Bonneriň eden hyzmaty barada häzir Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow şeýle gürrüň berýär: “Nyýazowyň haýyşy boýunça Orsýetiň ýörite gulluklary bizi türmä gabapdy. Türmeden soňam ýene yzarlamalar... Şu meselelerde, meniň bilýän zadym, Ýelena Bonner, “Memorial” guramasy – şolaryň üsti bilen türkmen oppozisiýasyna ýardam, goldaw beripdi”.
Uruş ýyllary akademik Saharow Aşgabatda ýaşapdyr we işläpdir diýen maglumatlar bar. Bu barada ýazyjy Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Akademik Saharowyň uruş ýyllary Aşgabatda bolandygyny bilýän adamyň sany juda az. O gürrüňlerem geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda, haçanda akademik Saharowyň şahsyýeti hakynda ile ýeterlikli aýan gürrüň edilip ugralanda, il içinde alymlaryň dilinden şeýleräk gürrüň ýaýrapdy”.
Ýelena Bonner sahawatly adamdy. Ol Orsýetde we bütin dünýäde adamlaryň ýadynda çuňnur yz galdyrdy.