Özbegistan birnäçe adamy “Hizb ut-Tahrire” agzalykda aýyplady

Şu gün Özbegistanyň sudy ekstremistik yslamçy topara agzalykda aýyplanýan adamlaryň bir toparyny türme tussaglygyna höküm etdi.

“Hizb ut-Tahrir” guramasyna agzalykda aýyplanýanlardan ikisine sud 7 ýyl, galan alty adamyň her birine bolsa 6 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde “Hizb ut-Tahrir” guramasy ekstremistik dini gurama hökmünde kanun tarapyndan gadagan edilen.

Ýöne käbir halkara guramalary özbek prezidenti Yslam Karimowy öz režimine garşy çykyş edýän adamlary dini ekstremizmde aýyplap tussag edýänlikde hem tankytlaýarlar.