Ýemeniň prezidenti ýakyn 48 sagatda çykyş eder

Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh ýakyn 48 sagadyň dowamynda metbugat üçin beýannama bilen çykyş eder diýip, Salehiň metbugat-sekretary ýekşenbe güni aýtdy.

Ýüzüniň, teniniň ýanandygyna, betgelşik haldadygyna garamazdan, Saleh kameranyň öňünde peýda bolar diýip, ol sözüne goşdy.

Şol bir wagtda-da Ýemeniň uly şäherlerinde onlarça müň demonstrasiýaçy Salehiň ymykly iş başyndan çekmilmegini, ogullarynyň ýurtdan çykyp gitmegini talap etdi.

Iýun aýynyň başynda rezidensiýasy oka tutulanda jebir çeken Saleh Saud Arabystanynda özüni bejerdýär.