BMG Hytaýyň Al-Başiri tussag etmezligine reaksiýa bildirdi

Penşenbe güni BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Baş komissary Newi Pilleý Hytaýa sapara baran Sudanyň prezidenti Omar al-Başiri bu ýurduň häkimiýetleriniň tussag etmändiklerine özüniň lapykeçligini bildirdi.

Ol her bir ýurduň hökümetiniň, şol sanda, Hytaýyň hökümetiniň hem Halkara suduny goldamaga borçly bolup durýandyklaryny nygtady.

Halkara sudy 2008-nji ýylda Sudanyň prezidenti Omar al-Başiri ýurduň Darfur regionynda parahat ilatyň köpçülikleýin gyrylmagy bilen baglanyşykly wakalarda aýyplap, ony ynsanýete garşy jenaýat etmekde günäli tapdy we onuň tussag edilmelidigi barada höküm çykardy.

Omar al-Başiriň Hytaýa sapara barmagyna we onuň prezident Hu Jintao bilen duşuşmagyna käbir günbatar ýurtlary, şol sanda, Amerikan Birleşen Ştatlary hem ýiti reaksiýa bildirdiler we bu wakany tankytladylar.