ABŞ Hindistany has köp howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna çagyrýar

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Hindistany has köp howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna çagyrdy. Häzir ol Hindistanda resmi saparda.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Sing we daşary işler ministri Somanahali Krişna bilen gepleşikler geçirdi.

Klinton Hindistanyň we Pakistanyň özara gatnaşyklar boýunça ikitaraplaýyn gepleşiklere başlamak kararyna gelendiklerine özüniň hoşaldygyny aýtdy.