Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar edýär

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi iki ýurduň bilelikde geçirýän ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar edýär.

Ol Eýran-Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň Aşgabat şäherinde geçirilýän 11-nji maslahatynda ýokary derejli syýasy-ykdysady resmilerden düzülen eýran delegasiýasyna ýolbaşçylyk eder.

Komissiýanyň iki günlük maslahatynyň dowamynda taraplar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklary giňeltmek, hususan-da energiýa, transport, aragatnaşyk, senagat, söwda, gümrük, bank pudaklarynda, oba hojalygynda, ylymda we medeniýetde, saglygy saklaýyş ugurlarynda hazmatdaşlygy giňeltmek barada maslahat ederler.