Klinton Hindistany Aziýada has aktiw bolmaga çagyrdy

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Hindistany Aziýada has aktiw syýasat ýöretmäge çagyrdy.

Hindi porty Çenneýde eden çykyşynda Klinton Hindistanyň hökümetiniň Aziýa-Ýuwaş okeany sebitiniň geljegine oňaýly täsir ýetirip biljekdigini aýtdy.

Aziýa ýurtlaryna sapar edýän Klinton Hindistandan soň Indoneziýa barar.