Berdimuhamedow Norwegiýa gynanç notasyny iberdi

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hepdäniň anna güni Norwegiýada amala aşyrylan terror hüjümi bilen baglanyşykly bu ýurduň koroly Herald 5-jä öz gynanç notasyny gönderdi.

Onda Berdimuhamedow terrorizmiň we ekstremizmiň islendik bir görnüşini Türkmenistanyň berk ýazgarýandygyny hem-de şeýle howplaryň öňüni almak ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan göreşini doly goldaýandygyny nygtapdyr.

Şeýle hem, türkmen prezidenti Norwegiýadaky bu wakalarda ejir çekenleriň hossarlaryna öz çuňňur duýgudaşlygyny bildiripdir.