Bişkegiň bazaryndaky feýerwerk ammarynda partlama boldy

Bişkegiň “Dordoý” bazaryndaky feýerwerk saklanýan ammarda partlama boldy. Onuň netijesinde uly ýangyn emele geldi.

Resmileriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýangyny söndürmek üçin bäş ýangyn brigadasy iş alyp barypdyr.

Partlama sebäpli heläk bolanlar barada maglumat ýok.

“Dordoý” Merkezi Aziýanyň iň uly bazarlaryndan biri hasaplanýar.