Baku eýranly generalyň eden belligine protest bildirdi

Penşenbe güni Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Birleşen harby güýçleriniň komanduýuşisi general Saed Hassan Firuzabadiniň azeri prezidentiniň adyna eden belliklerine protest bildirdi.

9-njy awgustda eden çykyşynda general Firuzabadi prezident Ilham Aliýewiň yslam dinine hormat goýmagyna umyt baglaýandygyny we munuň azeri hökümetiniň binýadyny has-da berkitjekdigine ynanýandygyny nygtap, bellik edipdi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nadyr Huseýnow Eýranyň goşun ýolbaşçysynyň bu sözlerini “jogapkärçiliksiz we kemsidiji sözler” diýip atlandyrdy hem-de muny tankyt etdi.

Penşenbe güni bu waka bilen baglanyşykly Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Bakudaky ilçisini gepleşige çagyryp, oňa protest notasyny gowşurdy.