Ogly Muammar Kaddafiniň häzir Tripolidedigini aýdýar

Muammar Kaddafi häzir Tripolide, howpsuz ýerde diýip, onuň ogullarynyň biri Seýf al-Islam tassyklaýar.

Gozgalaňçylar bazar güni Seýf al-Islamy tussag edendiklerini aýtsalar-da, öten gije onuň Tripolide žurnalistleriň öňünde peýda bolandygyny, onuň azatlykdadygyny günbatar agentlikleri habar berdi.

“Oppozisionerler liwiýa paýtagtyna girmek bilen gapana düşdüler, olara gep-gürrüňsiz ýeňliş garaşýar” diýip, Al-Islam aýtdy.

Häzir gozgalaňçylaram, hökümet güýçleri-de Tripoliniň uly bölegine kontrollyk edýändiklerini tassyklaýarlar. Şäherde Kaddafiniň rezidensiýasynyň töwereginde atyşyklar dowam edýär, partlamalar eşidilýär.

Dünýä liderleri Kaddafini häkimiýetden ýüz öwürmäge we zorlugyň soňuna nokat goýmaga çagyrýarlar.