Dünýäde iň belli amerikan generaly Deýwid Petreus otstawka gitdi. Ol halkara kontingentiniň ýolbaşçylygyny egindeşine gowşuryp, indi raýat gullukçysy hökmünde Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) baştutanlyk wezipesini kabul eder. Köp synçylar bu wakany simwoliki diýip häsiýetlendirýärler.
Goşun 58 ýaşly generaly hormat garawulynyň gatnaşmagynda, öwgüli çykyşlar hem-de on ýedi sany topdan salýut atyp, dabaraly ýagdaýda ugratdy. Onuň komandiri, ştab naçalnikleriniň Birleşen komitetiniň başlygy, admiral Mallen Petreusy öňki döwürdäki meşhur amerikan harby serkerdeleri bilen bir hatarda goýdy. “New York Times” gazeti amerikan goşunyndaky taryhy eýýamyň tamamlanandygyny yglan etdi hem-de Petreusy öz nesliniň iň iri generaly diýip atlandyrdy. Şunuň ýaly baha Kuweýti azat eden meşhur generallar Norman Şwarskopf bilen Kolin Pauell hem mynasyp bolup bilmedi.
Deýwid Petreusyň ady Yrakdaky güýçleri üzül-kesil artdyrmak strategiýasyny düzüji hökmünde giňden belli bolupdy. Bu strategiýa 2007-nji ýylda amala aşyrylypdy. Generalyň teklip eden çäreleri yrakly jeňbazlaryň gutarnykly ýeňlişine getirdi. Emma generalyň şowly strategligi general Petreusyň giň mirasynyň diňe bir ülşüdi.
Pentagonyň ozalky ýokary derejeli işgäri, Wirjiniýadaky Leksington institutynyň wise prezidenti Deniýel Gure şeýle gürrüň berýär:
—Ol özüni diňe bir iňňän möhüm hasaplanylýan ukyply meýdan serkerdesi hem-de iri goşun birikmeleriniň baştutany hökmünde tanatmady. Deýwid Petreus goşunda-da, Pentagonda-da täzeçe oýlanmalary emele getirmekde intellektual güýç bolupdy. Meniň pikirimçe, onuň esasy hyzmaty hut şundan ybaratdyr. Ol “pes derejeli dawa-jenjeller” diýilýänlere harby ýolbaşçylaryň üns bermegini başarypdy. Ýogsam, olar muňa şeýle bir ünsem berip baranokdylar. Goşun onuň kömegi bilen ahyrsoňy sowuk uruş döwrüniň görkezmelerinden ýüz öwürdi we ünsi ýaragly güýçleri täze eýýamyň meselelerini ýerine ýetirmäge taýýarlanmaga gönükdirdi.
Generallaryň täze nesli onuň taglymatyna eýerer, goşun birikmeleri bolsa onuň ustawyna laýyk söweşerler. Petreus Yrakda ilkinji sapar bolup gelenden soň Baş ştabyň Liwenwort fortundaky kolleje iberilipdi. Şol ýerde onuň ýolbaşçylygynda täze meýdan Ustawy ýazyldy. Bu dokument her dürli tejribe, tehnologik tejribe bilen baýlaşdyrylypdy: uçarmansyz samolýotlaryň, berk bronly maşynlaryň ulanylmagy, ýasama partlaýjy serişdeleriniň howpsuzlandyrylmagy. Soňra ol Yraga gaýdyp bardy, şol ýerde halkara goşun birikmelerine baştutanlyk etdi, goşunlar indi onuň ustawy boýunça söweşip başladylar, onuň düzen strategiýasyny ýerine ýetirip başladylar. Şu tejribäni ol soňra Owganystanda ulandy.
—Ýöne häzirlikçe bu strategiýa göze dürtülip duran üstünlik getirmedik ýaly-la?
—Muňa strategiýa puja çykarýar diýip düşünip bolarmy? Häzirlikçe anyklyk ýok. Ýeňiş üçin köp resurs derkar bolarmy? Mümkin. Oňa Waşingtonyň goýberen möhletinden köp wagt gerek bolarmy? Gürrüňsiz şeýle. Şonuň üçinem men strategiýanyň özüniň ukyplylygy barada entek netije çykaryp durmakçy däl. Öz garaýşym hökmünde şunam aýdasym gelýär: hut şu strategiýanyň özi-de bizi ýeňlişe getirmän, deňeçer ýagdaýy saklamaga kömek edýär.
—Deýwid Petreusyň Merkezi aňtaw gullugyna geçmegi köp kişide dürli pikirleri oýaran bolsa gerek, näme üçin ştab naçalnikleriniň birleşen komitetiniň täze başlygy saýlanan mahaly iň meşhur amerikan generalynyň duşundan sowlup geçildi? Çünki köp sanly synçylar ýurtdaky iň ýokary harby wezipä Petreusy bellemegi çagyryş edip, prezident Obama ýüzlenipdiler. Näme üçin Petreus MAG-yň kürsüsini eýelemäge razy bolupdyr? Şeýle derejeli adam üçin munuň özi ownugrak görnenokmy?
—Birinjiden, Merkezi aňtaw gullugynyň başyna gelmek bilen, ol Owganystandaky ýagdaýlara aktiw täsirini ýetirer diýip çaklamak mümkin. Hakykat ýüzünde gozgalaňçylaryň garşysyna göreşiň iň möhüm bölegi — Pakistanyň territoriýasyndaky operasiýalar hut onuň gözegçiliginiň astynda bolar. Ol bir konfliktiň dowamynda özüni iki wezipede synap gören ilkinji adam bolar: harby ýolbaşçy we gizlin operasiýalaryň graždan ýolbaşçysy.
Ikinjiden, prezidentiň ony ýokary harby ýolbaşçysynyň wezipesine bellemezliginiň başga sebäbiniň-de bolmagy mümkin. Özüniň agramy, abraýy bilen Petreus bu wezipede örän garaşsyz bolup biler. Tejribelerden mälim bolşy ýaly, goranmak ministrleri baş ştabyň täsirli naçalniklerini halap baranoklar. Olara “gaty dogry” diýen sözi hemişe hetjikläp duran harby gerek.
Üçünjiden, eger-de Petreusyň hyýalynda ýurtdaky ýokary wezipä ymtylmak meýli bar bolsa, onda iň abraýly we belent döwlet wezipesi onuň agramyny artdyryp biler.
Ýuriý Žigalkin Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.