Demirgazyk Hindistanda we Nepalda ýer titredi

Demirgazyk Hindistanda we Nepalda 18-njy sentýabrda bolan ýer titremede onlarça adamyň heläk bolandygy we köp adamlaryň ýaralanandygy habar berilýär.

Hindistanyň demirgazyk-gündogar regionlarynda ýerleşýän welaýatlarda we Nepalda ýüze çykan bu ýer titremäniň güýjüniň Rihteriň şkalasy boýunça 7 bala golaý bolandygy aýdyldy.

Betbagtçylyk bolan regionlarda öýleriň, ýollaryň ýykylyp-ýumrulandygy, elektrik togunyň üpjünçiliginiň bes edilendigi, telefon baglanyşygynyň kesilendigi aýdylýar.

Bu ýer titremesi Bangladeşde we Butan patyşalygynda hem duýlupdyr.

Maglumatlara görä, bu ýerlerde halas ediş işleri dowam edýär.