Noýabrda Müsürde parlament saýlawlary geçiriler

Müsüriň harby häkimiýetleri Hosni Mubarek häkimiýetden çetleşdirilenden soň, ýurtda geçiriljek ilkinji parlament saýlawlarynyň möhletini yglan etdiler.

Parlamentiň aşaky öýüne saýlawlaryň 28-nji noýabrda, ýokarky öýüne 29-njy noýabrda başlanjakdygyny döwlet telewideniýesi habar berdi.

Kanun çykaryjylaryň ilkinji maslahatyna 2012-nji ýylyň martynda ýygnanyşmagyna garaşylýar.

Ýokary harby geňeş Müsürde parlament saýlawlaryndan soňam häkimiýet başynda galyp, ol täze prezident saýlawlaryna çenli hereket eder.

Prezident saýlawlarynyň Müsürde geçiriljek möhleti häzirlikçe belli däl.