Türkmenistanda medeniýet edaralarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ýene bir ädim ädildi. Has anygy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji oktýabrda gol çeken karary esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýene sowet döwründäki ýaly özbaşyna ministrlik boldy.
Şeýle-de bu karar öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan Medeniýet ministrligine birikdirilen Teleradiogepleşikler komitetini hem özbaşdak döwlet komitetine öwürdi. Ýöne bu komitete indi kinematografiýa hem goşulýar. Sowet döwründe Türkmenitstanda Kinematografiýa komiteti hem özbaşdak edarady.
Ilhalar gepleşikler we waspçylyk
Prezident Berdimuhamedow “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň açylyş dabarasynda sözlän sözünde ýene bir gezek ilhalar gepleşikler baradaky talabyny gaýtalady:
—Teleradioýaýlymlar merkeziniň işgärleriniň syýasy we ideýa-çeperçilik taýdan ýokary hilli, many-mazmuna baý bezeg aýratynlyklary, görkeziliş usullary bilen tapawutlanýan köp sanly täze, täsirli we örän gyzykly gepleşikleri taýýarlap, tomaşaçylaryň we diňleýjileriň göwünlerinden tutup, olaryň şatlygyna şatlyk goşjakdygya hem men berk ynaýaryn.
Ýöne Berdimuhamedow teleradiogepleşiklerden edilýän esasy talabyň gazanylýar diýilýän üstünlikleri wasp etmekden ybaratdagyny aýratyn nygtap, “garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da täze galkynyş eýýamynda watanymyzyň bir gazanýan ajaýyp üstünlikleri hem belentden wasp edilmelidir” diýdi. Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, şu iki talap, ilahalar gepleşikler we waspçylyk talaby bir-birine garşy gelýär.
Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky ýurtlaryň arasynda agzalýar. Synçylar bu yzagalaklygyň sebäbini ýerli ýolbaşçylaryň metbugata diňe propaganda guraly hökmünde garamagy we berk döwlet gözegçiligi bilen düşündirýärler.
Niderlandiýanyň Helsinki komitetiniň başlygy Harri Hammel bu düşünjäniň ýurduň sowet geçmişi bilen baglydygyny, şol döwürde terbiýe alan resmileriň ýurtda hemme zady gülala-güllük edip görkezmek pozisiýasyndan ugur alýandyklaryny aýdýar.
Hammeliň pikirine görä, bu pozisiýa hatda Ukrainada sowet ýyllarynda bolan Çernobyl betbagtçylygy ýaly hadysalary-da ýaşyrmagy talap edýärdi.
Azat bazar ýörelgeleri metbugat azatlygyna täsir etmeýär
Türkmenistanda sosializmden azat bazar ýörelgelerine geçilmeginiň yglan edilenine 20 bolup barýar, emma bu azatlyk metbugata degişli däl ýaly. Azatlyk Radiosyna pikirini aýdýan ýerli synçylaryň köpüsiniň, şol sanda ýanalmalar sebäpli Aşgabatdan Norwegiýa göçen žurnalist Nikolaý Gerasimowyň pikirine görä, Türmenistanyň metbugaty 1991-nji ýyldan soň sowet ýyllarynda bar bolan döredijilik erkinligini hem ýitirdi. Bu ýagdaýy Özbegistanda ýaşaýan we türkmen telewideniýesine yzygider tomaşa edýän türkmen dili mugallymy hem duýupdyr.
“Birinjiden, azajyk ýasamalyk bar. Haýsydar bir gepleşigi ýa-da ýaryşy alsak, alyp baryjyda we gatnaşyjylaryň jogaplarynda, rusça aýdylanda “iskrennost” az”. Özbegistanly türkmen dili mugallymy bu ýagdaýyň gepleşikleri durşuna ýasama edip görkzýändigini aýdýar we, göwnüne bolmasa, telekanallarada erkinligiň ýokdugyny aýdýar.
Tolgundyrýan meseleler we döredijilik erkinligi
Ýöne indi, prezidentiň aýdýan sözlerine üns berilse, bu ýagdaý üýtgemeli. Sebäbi Berdimuhamedow teleradiogepleşikleriň gazanylan üstünlikleri beýan etmekden başga ýene bir ähmiýetini, “jemgyýetçilik aň-düşünjesini kemala getirmekde we ösdürmekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmekde barha artýan ähmiýetini” hem belleýär. Şeýle-de ol, üstünlikleri açyp görkezmek bilen, žurnalistleriň adamlary tolgundyrýan möhüm meseleleri gozgap, olary çözmegiň ýollaryny hem teklip etmelidigini aýdýar.
Prezidentiň bu sözlerinden çen tutulsa, Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllaryndan emele gelen “problemasyz gepleşikleriň”, mesele gozgamasyz we tankyt etmesiz žurnalistikanyň soňy gelýän ýaly. Gepiň gerdişine aýdylsa, Nyýazow hem soňabaka öz döreden “problemasyz”, “meselesiz we tankytsyz” metbugatyndan ýadapdy we 2005-nji ýylyň sentýabrynda metbugatda tankydy makalalaryň hem berilmegini haýyş edipdi.
Berdimuhamedowyň Telaradiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini özbaşyna edara etmegi ýurtda döredijilik erkinligine tarap ädilen ädim bolarmy ýa bolmaz, bu barada häzir bir zat aýdardan ir. Sebäbi sowet döwründe Teleradiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň ýanynda özüniň halk saz gurallary ansambly bardy, telefilmler döredilýärdi we medeniýet wekillerinde has kän döredijilik erkinligi bardy.