Müsür: Mubaregiň sud prosesi gaýra süýşürildi

Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarege garşy sud prosesi 28-nji dekabra çenli gaýra süýşürildi. Bu barada ýekşenbe güni bolan sud diňlenişiginde yglan edildi.

Sud jogapkärçiligine Mubarek bilen birlikde onuň iki ogly, öňki içeri işler ministri we polisiýanyň ýokary derejeli 6 ofiseri hem gatnaşdy.

Müsürlileriň köpçülikleýin protestinden soňra, geçen ýylyň fewralynda wezipesinden giden 83 ýaşly Mubarek hökümete garşy protestler dargadylanda 800-den gowrak adamyň ölmegine gatnaşygy barlykda günäli tapylsa, oňa ölüm jezanyň berilmegi mümkin.

Onuň ogullary parahorlukda aýyplanýarlar.