Daşary ýurtlarda telekeçilik bilen meşgullanmak üçin resmilere para bermek adaty ýagdaýa öwrüldi diýlip, “Transparancy International” guramasynyň “Para berijileriň gözkеzijisi” atly soňky ýaýradan hasabatynda aýdylýar. Bu hasabat ykdysady taýdan ösen hem iri eksportýor ýurtlaryň arasynda Orsýetdäki ýagdaýyň iň ýaramazdygyny görkezdi.
“Para berijileriň gözkezjisi” atly “Transparancy International” guramasy soňky ýaýradan hasabaty üçin ösýän hem ösen ýurtardan üç müňe golaý telekeçi bilen pikir soralyşygyň geçirilendigini habar berdi. Düýbi Berlinde ýerleşýän bu gurama öňdebaryjy hem iri eksportýor ýurtlaryň 28-niň sanawyny düzdi. Şol hasabatda Orsýetde parahorluk bilen bagly ýagdaýyň Hytaýdan, Meksikadan hem Hindistandan ýaramazdygy aýdylyp, ol bu sanawda 28-nji orunda goýuldy.
Guramanyň ylmy-barlaglar hem bilim boýunça bölüminiň direktory Robin Hodess Orsýetiň hem Hytaýyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýändigini aýdyp, bu ýurtlaryň telekeçileriniň daşary ýurtlarda para bilen iş dolandyrmagynyň howatyrlandyrýandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy:
—Elbetde, bu bizi alada goýar, sebäbi bu iki ýurduň ykdysadyýeti hem gaty çalt depginler bilen ösýär. Bu ýurtlardan daşary ýurtlara edilýän inwestisiýalaryň möçberi hem artýar. Olaryň daşary ýurtlardaky ykdysady kuwwatlylygy edil syýasy täsiri ýaly güýçli.
Hasabatda bellenmegine görä, 2010-njy ýylda Hytaýyň hem Orsýetiň her biriniň daşary ýurtlara çykarýan maýasynyň möçberi 120 millard dollara barabar bolupdyr. Bu san bolsa Hindistan we Braziliýa ýaly ilaty köp ýurtlaryň daşary ýurtlara edýän inwestisiýalaryndan bäş esse köpdür.
Bu hasabatda Daniýa, Şwesiýa, Belgiýa, Germaniýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň telekeçileri iş alyp barmak üçin para bermek usulyndan iň az peýdalanýan işewürler diýlip görkezildi.
Orsýetde kanun we erk-isleg
Şol bir wagtda-da barlaglaryň netijesinde telekeçileriň düýpden para bermeýän ýurdunyň ýokdugy anyklandy. Bu mesele bilen bagly 2008-nji ýylda ýaýradylan soňky hasabatdan bäri diňe käbir ýurtlardaky ýagdaýyň gowulanandygy habar berildi.
Täze kanuny kabul edip, daşary ýurtlarda iş alyp barmak üçin para bermekligi jenaýat işleriniň hataryna goşan Hytaý, Orsýet, Indoneziýa hem Hindistan ýaly ýurtlaryň korrupsiýa garşy eden tagallasy hem bellenildi. Orsýetde bu baradaky kanun şu ýylyň maý aýynda kabul edildi.
Korrupsiýa garşy göreş boýunça ylmy-barlag hem inisiatiwa merkeziniň direktory Ýelena Panfilowa Orsýetde kabul edilen täze kanunyň ýurduň hususy hem jemgyýetçilik pudaklaryny korrupsiýadan goramagyna umyt edýändiklerini aýtdy. 2010-njy ýylda jemgyýetçilik pudagyndaky korrupsiýa boýunça ýaýradylan hasabatda Orsýet jemi 178 ýurduň içinden iň ýaramaz orunlaryň biri bolan 154-nji orunda ýerleşdirilipdi.
“Transparancy International” guramasynyň ylmy-barlaglar hem bilim boýunça bölüminiň direktory Robin Hodess Orsýetde parahorluga garşy göreşmek üçin syýasy erk-islegiň zerurdygyny aýdýar. Şol bir wagtda-da bilermen orsýetli işewürleriň halkara standartlarynyň ýokary derejesine laýyk işlemelidigine düşünmelidiklerini nygtaýar.
Robin Hodess rus häkimiýetlerini Orsýetdäki korrupsiýa garşy has netijeli göreşmek üçin ýurtda ykdysady taýdan ösen 20 döwletiň teklip eden çärelerini amala aşyrmaga çagyrdy. Ol 1999-njy ýylda daşary ýurtlarda işleýän telekeçileriň resmilere para bermeklerine garşy güýje giren konwensiýany amala aşyrmagyň köp ýurtlarda bökdelýändigini nygtady:
—Bu kanuny terjime edip, her ýurduň milli kanunçylygyna girizmek belli bir wagty talap etdi. Ýöne, şeýle-de bolsa, onuň amala aşyrylmagy ugrunda ýeterlik tagalla edilmedi. Elbetde, bu ugurda öňegidişlik gazanan ýurtlar hem az däl. Mysal üçin, ABŞ öz daşary ýurtlarda işleýän kompaniýalaryny barlap, para meselesine dahyly bolanlary jezalandyrdy. Germaniýa hem bu meselede soňky döwürde has aktiw iş alyp barýar. Ýöne gaty köp ýurtlarda bu mesele bilen bagly ýeterlik çäre görülmeýär.
Amerikan we britan kompaniýalary
“Baker & McKenzie” ýuridiki kompaniýanyň işgäri Braýan Wisleriň tassyklamagyna görä, Braziliýada, Orsýetde, Hindistanda hem Hytaýda işleýän amerikan kompaniýalarynyň iş alyp barýan ýurtlarynyň resmilerine para berip-bermezligi meselesi boýunça 380 derňew işi geçirilipdir.
“Financial Times” gazeti bilen söhbetdeşlikde Braýan Wisler häzir daşary ýurtlarda işleýän 150 kompaniýanyň ýerli resmilere para bermekde güman edilýändigini we bu mesele bilen bagly derňewiň geçirilýändigini mälim etdi.
Robin Hodess telekeçileriň para bermeklerine garşy göreşde Britaniýanyň hem öňde barýandygyny aýdýar. Britaniýanyň kanunyna görä, britan biznes bähbitlerini öňe sürýän kompaniýa, nirede bolsa-da, britan kanunlaryna görä jezalandyrylmaly. Şol kompaniýada işläp, para beren adamda britan raýatlygynyň bolup-bolmazlygy bu meselede hiç bir rol oýnamaýar. Para beren adama, kanuna görä, 10 ýyla çenli iş kesilip bilner. Şeýle hem para beren kompaniýalara we adamlara çäklendirilmedik möçberde jerime salnyp bilner.
Korrupsiýa bilen bagly meselede, kompaniýalaryň resmilere para bermegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çyksa-da, hususy kompaniýalaryň biri-birine para bermegi bilen bagly wakalaryň has köp duş gelýandigi “Transparancy International” guramasynyň hasabatynda aýdylýar.
Guramanyň “Para berijileriň gözkezjisi” atly soňky ýaýradan hasabatynda halk hojalygynyň 19 pudagy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri görkezildi. Olaryň netijesinde oba hojalyk pudagynda para bilen bagly ýagdaýlaryň az duş gelýändigi, jemgyýetçilik işleri, gurluşyk hem nebit we gaz pudaklarynda parahorlugyň köp ýüze çykýandygy anyklandy.