Moskwada milletçi ruslar ýöriş geçirýärler

Moskwada müňlerçe milletçi ruslar “Orsýeti yzyna almaga” çagyryş edip, ýöriş geçirýärler.

Resmileriň maglumatyna görä, ýöriş ir bilen başlanaly bäri häzire çenli oňa gatnaşmak üçin 5 müň töweregi adam ýygnanypdyr. Ýörişe gatnaşýanlar “Orsýet, öňe!” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

“Orsýetiň ýörişi” diýlip atlandyrylýan bu çäre 2005-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýär.

Şu ýyl geçirilýän ýöriş käbir ruslaryň Kawkaz regionyndan gelen musulmanlara garşy bolan gahar-gazabynyň we hökümetiň şol regionlara harç edýän pulunuň möçberi ugrundaky närazylyklaryň fonunda geçýär.

Orsýetiň beýleki şäherlerinde hem ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda ýörişleriň geçirilendigi habar berilýär.