Berdimuhamedow hytaýly žurnalistlere interwýu berdi

Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň käbir habar serişdeleriniň žurnalistlerine interwýu berdi.

Daşary ýurt žurnalistlerine seýrek interwýu berýän türkmen prezidenti özünin bu interwýusynda hytaýly žurnalistlere, esasan, Türkmenistanyň energiýa syýasaty hem-de türkmen-hytaý gatnaşyklary barada gürrüň berdi.