Yrakdaky partlamalarda azyndan 19 adam öldi

Penşenbe güni Yragyň Basra şäherinde yzly-yzyna amala aşyrylan üç sany bomba partlamasynda azyndan 19 adamyň ölüp, 70-e golaý adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Partlamalarda ejir çekenleriň aglabasynyň harbylardan we polisiýa işgärlerinden ybaratdygy aýdylýar.

Basra şäheriniň resmileri başda şäherin söwda bazarynda yzly-yzyna iki sany partlamanyň amala aşyrylandygyny, soňra partlamalaryň bolan ýerine adam mähellesi ýygnanandan soň, ýene bir partlamanyň ýüz berendigini aýdýarlar.

Partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.