Owgan prezidenti Karzaý halkara hemaýatyny soraýar

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli halkara güýçleri ýurtdan çykarlandan soň hem, ýene on ýylyň dowamynda hemaýat etmäge çagyrdy.

Karzaýyň sözlerine görä, soňky on ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri saklamak üçin, pesinden 2024-nji ýyla çenli halkara hemaýaty zerur bolar.

“Biziň durnukly, özbaşdak we demokratik Owganystany gurmak baradaky umumy maksadymyz entek hasyl bolardan uzakda. Biz möhüm garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup durus. Bularyň netijesinde gazanylan üstünlikleri elden gidirip, yza gaýtmak howpy bar” diýip, Karzaý belledi.

Karzaý bu barada Owganystana bagyşlanyp Germaniýanyň Bonn şäherinde geçirilýän konferensiýanyň dowamynda çykyş etdi.