Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki ýurtdaky amerikan goşunlarynyň doly çykarylmazyndan bir aý çemesi öň Birleşen Ştatlara sapar edýär.
Al-Maliki özüniň iki günlük saparynyň dowamynda prezident Barak Obama bilen töwrekleýin gepleşik geçirmeli.
Yragyň premýer-ministriniň metbugat geňeşçisi Ali Mussawi bu sapar Bagdat bilen Waşingtonyň gatnaşyklarynda täze bir sahypa açar diýýär.
Şu aralykda Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi AFP habar gullugyna NATO-nyň bu ýurtdaky tälim beriş missiýasyny ýyl ahyryndan soň uzaltmazlyk kararyna gelendigini, sebäbi Bagdadyň NATO esgerlerine jogapkärçilige çekilmezlik kepilligini bermeýändigini aýtdy.
Muňa garamazdan, NATO-nyň ady aýdylmadyk bir resmisi AFP-ä entek bu meselede belli bir kararyň ýokdugyny habar berdi.