ÝB Orsýet sammitinde saýlaw meselesini galdyrmakçy

Ýewropa Bileleşigi şu hepde rus prezidenti Dmitriý Medwedew bilen boljak gepleşiklerde Orsýetiň parlament saýlawlary baradaky meseläni galdyrmagy planlaşdyrýar. Rus oppozisiýasy bu saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýar.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonyň sözçüsi bu meseläniň şu hepdäniň çarşenbe we penşenbe günlerinde Brýusselde boljak ÝB-Orsýet sammitinde gozgalmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Sözçi ÝB-niň Medwedewiň saýlaw galplyklary diýilýän barada derňew geçirmek kararyny gutlandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Medewedew ýekşenbe güni resmilere 4-nji dekabrda bolan saýlawlarda ýol berildi diýilýän galplyklary barlamagy tabşyrdy. Ýöne ol saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegi baradaky talaby ret etdi.