Pakistan žurnalistler üçin iň howply ýurtlaryň biridir

Pakistan yzygiderli iki ýyl bäri žurnalistler üçin iň howply ýurtlaryň biri bolmagynda galýar diýip, Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy komitet özüniň ýyllyk hasabatynda belleýär.

Üstümizdäki ýyl Pakistanda gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagty ýedi žurnalist öldürilipdir.