Pakistanyň premýeri goranmak sekretaryny işinden boşatdy

Pakistanyň ýerli mediasyndan gowuşýan maglumatlara görä, ýurduň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani özüniň goranmak sekretaryny işinden boşadypdyr.

Habar beriş serişdelerinde ady tutulmadyk resminiň aýtmagyna görä, Naeem Halid Lodhi “uly etmişleri üçin” işinden boşadylypdyr.

Lodhi hökümetdäki ýokary derejeli harbylaryň wekili bolup, onuň hatda ýurduň goranmak ministrinden hem köp ygtyýarlyklarynyň bardygy çaklanýardy.