Halkara spesialistleri 29-njy ýanwarda Eýrana bararlar

29-njy ýanwarda Halkara Atom agentliginiň ýokary derejeli delegasiýasy üç günlük sapar bilen Eýrana barar.

Bu barada sişenbe güni “Fars” habar agentligi Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligindäki wekili Aly Aşgar Soltaniýä salgylanyp habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, delegasiýa Halkara Atom agentliginiň başlygynyň orunbasary German Nakerts baştutanlyk eder. Atom energiýasy boýunça halkara agentlik Eýrandan ýadro programmasyna degişli doly maglumat almak isleýär.

“Tähranda boljak gepleşikler ýadro programmasy meselesi bilen bagly Eýranyň açykdygyna ýene bir delildir” diýip, Aly Aşgar Soltaniýe belledi.